Türkmenistanda iri halkara habar beriş gulluklarynyň wekilhanalary açylar

  • 25.12.2021 16:49
  • 16k+

2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak barada teklipler taýýarlanyldy. Olar barada Hökümetiň 24-nji dekabrda geçirilen mejlisinde türkmen Liderine beren hasabatynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň halkara maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin dünýä derejesinde hereket edýän kadalara we düzgünlere laýyklykda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerur bolup durýar. Bu babatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça edarasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň hem-de esasy halkara täzelikler agentlikleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......