31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda şäher awtobuslarynda gatnaw mugt bolar

  • 25.12.2021 08:51
  • 22k+

31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyz şäher awtobuslarynda mugt gatnadylar. Bu barada Hökümetiň sanly ulgam arkaly 24-nji dekabrda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri tabşyryk berdi.

Hususan-da, Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa aýry-aýry edaralar boýunça zähmet haklarynyň tölenilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek zerurdyr. Nyrhlary emele getirmek we bazarlarymyzy ýokary hilli ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.


şu gün 07:37
1.2k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......