Gazagystanyň parlamenti ölüm jezasynyň ýatyrylmagy barada kanun kabul etdi

  • 24.12.2021 22:29
  • 9.9k+

Gazagystanyň Senaty ölüm jezasy görnüşindäki jezany Jenaýat kodeksinden aýyrýan kanuny kabul etdi. Bu barada ýurduň parlamentiniň ýokarky palatasynyň saýtynda aýdylýar diýip, www.ekhokavkaza.com habar berýär.

Kanunlara üýtgeşmeler girizilenden soň, ähli iş kesilenler üçin ölüm jezasy ömürlik tussag bilen çalşylar.
Ölüm jezasy görnüşindäki jeza Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 17 maddasynda göz öňünde tutulýardy. Hususan-da, şeýle jeza terrorçylyk we uruş döwründe edilen agyr jenaýatlar, şeýle-de ýurduň prezidentiniň janyna we ilkinji döwlet baştutany Nursultan Nazarbaýewiň janyna kast edilendigi üçin berlip bilinýärdi.
Ýöne 2003-nji ýyldan bäri ýurtda ölüm jezasyna moratoriýa hereket edýärdi. Bu kazyýetler tarapyndan ölüm jezasynyň berlendigini, ýöne onuň diňe moratoriýanyň ýatyrylan halatynda ýerine ýetirilip bilinjekdigini aňladýar.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şeýle jeza çäresini gadagan edýän kanuna heniz ýanwar aýynda gol çekdi. Şeýlelikde, ýurt parahatçylyk döwründe ýurtda ölüm jezasynyň ulanylmagyny gadagan edýän halkara şertnamany tassyklady.


06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......