Täjigistanda aýlyk haklary, pensiýalar we talyp haklary ýokarlandyrylar

  • 23.12.2021 19:44
  • 8.9k+

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon parlamentde eden çykyşynda ýurtda sosial tölegleriň artdyryljakdygyny aýtdy. Ol 2022-nji ýylyň ortalarynda Täjigistanda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň ýokarlanjakdygyny habar berdi diýip, tj.sputniknews.ru belleýär.

“2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan döwlet we jemgyýetçilik dolandyryş edaralarynyň, bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş, sosial gorag we beýleki býujet guramalarynyň ähli işgärleriniň aýlyk haklary, şeýle-de talyp haklary 20% ýokarlanar” – diýip, Rahmon aýtdy.

Respublikanyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aýlyk haklaryny, degişlilikde 25% we 20% ýokarlandyrmagy teklip etdi. Prezidentiň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan ýetim çagalar üçin kömek pullarynyň mukdary 25% ýokarlanar.
Mundan başga-da, Emomali Rahmon iň pes zähmet hakyny ýokarlandyrmagy we ony 600 somoni (53 dollar) möçberde bellemegi teklip etdi. 
Ýatlap geçsek, Täjigistanda soňky gezek 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda maýyp çagalar üçin kömek pullary ýokarlandy. Şeýle-de, şu seneden talyp haklary 30% ýokarlandyryldy. 


05.03.2026 20:23
1.8k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:16
4.4k+

Emomali Rahmon häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýetini belledi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumynda eden çykyşynda dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady...