Nikkei: Toyota ýanwarda Ýaponiýada ýedi önümçilik hatarynyň işini togtadar

  • 22.12.2021 16:01
  • 15k+

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtokonserni Toyota Motor bölekleriň ýetmezçilik etmegi sebäpli ýanwar aýynda Ýaponiýada ýerleşýän bäş zawodynda ýedi önümçilik hatarynyň işini togtatmaga mejbur bolar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “Nikkei” gazeti habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Bu togtatmanyň näçe gün dowam etjekdigi barada maglumat berilmeýär. Ýöne, gazetiň bellemegine görä, häzirki ýagdaý Toyota awtomobilleriniň hasap edilen önümçilik möçberiniň, takmynan, 20 müň birlik azalmagyna sebäp bolar. 

Mundan öň, NHK teleýaýlymy Toyota-nyň Ýaponiýadaky iki kärhanasynyň işini 20-nji dekabrdan 22-nji dekabr aralygynda togtatjakdygyny habar berdi. 

12-nji noýabrda Toyota 2021-nji ýylyň maý aýyndan bäri ilkinji gezek Ýaponiýadaky 14 zawodyň ählisiniň bölekler bilen üpjün etmek meselesiniň çözülendigi sebäpli adatdakysy ýaly işläp başlandygyny aýtdy. Dekabr aýynda awtokonserniň global önümçiliginiň 800 müň awtomobile barabar bolmagyna garaşyldy, bu bolsa dekabr aýy üçin rekorddyr.


düýn 21:54
2.4k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......