Serdar Berdimuhamedow Balkanda bolup, harytlaryň bahalaryny barlady

  • 21.12.2021 08:50
  • 45k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň welaýatlar boýunça iş sapary başlandy. Wise-premýer, ilki bilen, Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, sebitde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedowa welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy, bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrypdy.
Şoňa laýyklykda, ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, bazarlardaky harytlaryň nyrhlary we baýramçylyk mynasybetli alyjylara hödürlenilýän önümler bilen tanyşdy.
Iş saparynyň netijeleri boýunça wise-premýer Balkan welaýatynyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......