Alymlar dekabrda 50 ýyl mundan öň Aýda möhürlenen konteýneri açarlar

  • 20.12.2021 23:49
  • 14k+

Ýewropanyň kosmos agentliginiň alymlary şu aýda 50 ýyl mundan öň möhür goýlup ýapylan Aýdan getirilen konteýneri açmakçy bolýarlar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Hünärmenler konteýneri açmak üçin ýörite burawyň ulanyljakdygyny aýtdylar. Onda 1972-nji ýyldaky “Apollon-17” missiýasynyň dowamynda ýygnalan Aý topragy bar. Bu astronawtlaryň Aýa iň soňky uçuşy bolupdy. 
Alymlar konteýnerden, ähtimal, nusgada saklanyp galan Aý gazlaryny çykarmak isleýärler. Gözlegçiler häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar bilen bu nusgalaryň seljerilmeginiň täze ylmy açyşlara mümkinçilik berjekdigini belleýärler.
Bu nusgalar “süýşgün ýatakdan” ýygnaldy. Bu iş bilen ekipažyň komandiri Ýujin Sernan meşgullandy. Astronawt Aý topragynyň nusgasyny almak üçin onuň üstüne diametri 70 sm bolan silindr turbasyny kakyp girizdi. 


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......