2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar

  • 19.12.2021 09:30
  • 8.3k+

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň altynjy kongresi geçirildi. Duşuşyk CAFA-nyň prezidenti Rustam Emomaliniň ýolbaşçylyk etmeginde geçdi. Oňa CAFA-nyň wise-prezidenti Gyrgyzystandan Dastanbek Konokbaýew, CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary Özbegistandan Rawşan Irmatow we Eýrandan Mehdi Taj, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly birikdiler. Bu barada tj.sputniknews.ru habar berýär.

Sözüniň başynda Rustam Emomali koronawirus pandemiýasynyň sport durmuşyna ýetiren güýçli täsirini belläp geçdi.  

“Biz Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň pandemiýa şertlerinde dürli ýaşdakylaryň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin köp tagallalary edendigine begenýäris” – diýip, ol belledi.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy sebit assosiasiýalary üçin AFC-niň maliýe goldawy maksatnamasynyň döredilmeginiň Merkezi Aziýada futboly ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edendigini belledi.  
Şeýle-de, Rustam Emomali 2022-nji ýylda CAFA-nyň howandarlygynda dürli ýaşdakylaryň arasynda sekiz ýaryşyň geçiriljekdigini aýtdy.  
Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti Rawşan Irmatow Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň düzümine girýän milli ýygyndylaryň arasynda “Nawruz Kubogy” ýaryşyny gurnamagy teklip etdi. Çäräniň FIFA-nyň ýaryş senenamasynyň çäginde geçirilmegine garaşylýar.
Şeýle-de, Kongresde CAFA-nyň 2022-nji ýyl üçin býujeti tassyklandy. 


düýn 22:55
1.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
8.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......