Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi

  • 19.08.2025 13:48
  • 10k+

“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär.

“Hiç haçan synmaýan miras. Täze ýyl – täze görnüş. Ýöne “Al-Nasryň” nyşany bu eşigi müdimi edýär” – diýlip, klubuň metbugat gullugyndaky habarda aýdylýar.

Täze eşik toplumy Adidas kompaniýasy tarapyndan döredildi. Onuň esasy reňki goýy gök elementler bilen ýiti sary bolup, Er-Riýadyň Gününi we klubuň “Rysarlar” lakamyny alamatlandyrýan nagyş bilen utgaşýar. Dizaýn arap çölüniň aňňatlaryna we teksturasyna hem salgylanyp, Saud Arabystanynyň medeniýeti bilen baglanyşykly köp gatly obrazy döredýär.
Eşikde Adidas-yň goýy gök logotipi, gapdal çyzyklar we täze klub tugrasy ýerleşdirildi.
Köýnekçe 18-nji awgustda satuwa çykdy.
“Al-Nasryň” täze eşikde ilkinji resmi oýny 19-njy awgustda Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym finalynda “Al-Ittihada” garşy bolar.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....