«Buýan» obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar

  • 18.12.2021 19:53
  • 4.3k+

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Hökümetiň 17-nji dekabrdaky mejlisinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhanany gurmak boýunça potratçyny seçip almak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi. Şonuň netijesinde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň hödürlän baha teklibi saýlanyp alyndy. Bu teklibe Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda italýan kompaniýasynyň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek içgin ara alyp maslahatlaşmak hem-de öz tekliplerini garamaga bermek tabşyryldy.


04.04.2026 15:19
6.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.4k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.2k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......