Dubaýyň häkimiýetleri kagyz iş dolandyryjylygyndan ýüz öwürdiler

  • 14.12.2021 19:54
  • 6k+

Dubaý hökümeti doly derejede sanly tehnologiýa geçmek bilen, dünýäde ilkinji kagyzsyz ministrler kabineti boldy. Bu barada emirligiň mirasdüşer şazadasy, Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy şeýh Hamdan ben Muhammed ben Raşid Al Maktum aýtdy diýip, emirligiň WAM habarlar agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Şu gün Dubaýda durmuşyň ähli taraplaryny sanlaşdyrmagyň täze tapgyrynyň başlanandygyny aňlatdy. Biz doly derejeli kagyzsyz hökümete geçişi tamamladyk” – diýip, ol aýtdy we mundan beýläk ähli hökümet amallarynyň we ilat hyzmatlarynyň diňe elektron tehnologiýalar arkaly üpjün ediljekdigini aýdyňlaşdyrdy.

Mirasdüşer şazada kagyzsyz hökümet başlangyjynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti we premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum tarapyndan dört ýyl mundan ozal öňe sürlendigini ýatlap geçdi. 

Mundan beýläk emirligiň ähli döwlet edaralarynda içerki we daşarky resminama dolanyşygy ýörite informasion platformalar arkaly elektron görnüşinde amala aşyrylar.

Emirligiň häkimiýetleriniň maglumatlary boýunça, bu serwisler arkaly 1,8 müňden gowrak sanly hyzmat hödürlenýär, 10,5 müňden gowrak tranzaksiýa amala aşyrylýar. Dubaýda elektron hökümete geçilmeginiň we resminama dolanyşygynyň sanlylaşdyrylmagynyň 2018-nji ýylda kagyzsyz strategiýa durmuşa geçirilip başlanandan bäri tutuş emirlikde 336 mln kagyz ýapraklaryny tygşytlamaga mümkinçilik berendigini, munuň bolsa 14 mln sagat adam zähmetine we pul ekwiwalentinde 1,3 mlrd dirhama (takmynan, $353,8 mln) barabardygy hasaplanyldy. Kagyz tehnologiýasyndan ýüz öwürmeklik ähli pudaklara – ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygyna, polisiýa, häkimlige, kazyýete, saglygy goraýyş ulgamyna, dini, medeni we sport edaralaryna, howa menzillerine, şeýle-de bu başlangyja goşulan söwda we täjirçilik gurluşlaryna degişli boldy.


25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....