Ýaponiýada ýagtylanýan lukmançylyk örtükleri döredildi

  • 14.12.2021 19:56
  • 11k+

Ýakynda Kioto prefektura uniwersitetiniň ýapon alymlary üýtgeşik bir aksessuar - ýagtylanýan lukmançylyk örtügini döretdiler. Hünärmenler bu örtükleriň adama COVID-19-yň ýokuşandygyny ýa-da däldigini barlamagy aňsatlaşdyrar diýip umyt edýärler. Bu barada Kyodo News-a salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berýär.

Bu täsin örtügi öndürmek üçin düýeguş ýumurtgasyndan alnan antikorlar ulanyldy. Mälim bolşy ýaly, düýeguşlar bedendäki keseki bedenleri zyýansyzlandyrýan birnäçe dürli antikory öndürmäge ukyplydyr. Geçen ýyl barlagçylar topary basyrylan ýumurtgalardan antikor almak üçin mäkiýan düýeguşlara koronawirusyň işjeň däl görnüşini sanjym etdiler.

Alymlar bu antikorlardan peýdalanyp, ultramelewşe şöhlesinde ýagtylanýan floresan boýag döretdiler. Olar 150 adamyň gatnaşmagynda geçirilen synaglaryň netijesinde garaşylýan netijäni almagy başardylar. Öndürijiler indiki ýyl örtükleri satmak üçin hökümetden rugsat almagy meýilleşdirýärler.


02.06.2025 13:37
2.9k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler...

09.04.2025 14:08
3.4k+

Deňizde bir gijäniň dowamynda dargamaga ukyply plastik işlenip düzüldi

RIKEN atly ýapon ylmy-barlag institutynyň işgärleri deňiz suwunda doly dargaýan we yzynda mikro bölejikleri galdyrmaýan täze görnüşli plastigi işläp düzdüler. Plastika «supramolekulýar polimerlere» esaslanýar....

16.03.2025 22:02
4.8k+

Ýaponiýada 3D-printerde demir ýol stansiýasy çap ediler

Ýaponiyada dünýäde ilkinji 3D-printerde çap edilen demir ýol stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu taslamany «West Japan Railway» bilen binalary 3D çap etmek boýunça ýöriteleşen «Serendix Inc.» kompaniýasy bilelikde...

27.11.2024 09:51
16k+

Adam ýuwýan kir maşyn: Ýapon kompaniýasy täze tehnologiýa hödürledi

Science Co. kompaniýasy Mirai Ningen Sentakuki (terjime edilende "geljegiň adamlary ýuwýan kir maşyny" diýen manyny berýär) atly enjamyň nusgasyny döretdi, bu enjam adamy 15 minutda ýuwup hem guradyp bilýär. Enjam...