Berdimuhamedow nebit-gaz senagaty işgärlerini, geologlary hünär baýramçylyklary bilen gutlady

  • 14.12.2021 13:29
  • 5.7k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Gutlag iberdi. Onda: «Bilşiňiz ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlete öwürýär. Şoňa görä-de, bu pudak ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar» diýlip nygtalýar.

«Garaşsyzlyk ýyllary içinde nebitgaz pudagynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşant boldy. Häzirki wagtda-da pudakda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de kämil tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar» diýmek bilen, türkmen Lideri Gutlagynda nebitgaz senagatynda öňde goýlan wezipeler, geljekde durmuşa geçirilmeli taslamalaryň köpdügini, pudagyň işgärleriniň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» bellenen ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýandygyny beýan etdi.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...