Samsung daşky görnüşini üýtgedip bolýan akylly sagat döretdi

  • 13.12.2021 14:06
  • 11k+

Soňky wagtlar “akylly” sagatlar özleriniň adaty bolmadyk aýratynlyklary bilen geň galdyryp gelýärler. Şeýle bolansoň, ýakyn wagtda Samsung hem dakynylýan elektronikalar bazaryna üýtgeşik bir täzelik getirer diýlip garaşylýar. Bu hakynda LetsGoDigital-a salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Muny internet insaýderleri tarapyndan tapylan koreý kompaniýasynyň iň soňky patentine esaslanyp hem çaklamak bolýar. Resminamada aýdylmagyna görä, Samsung tegelek görnüşli, ýöne ulanyjynyň islegi boýunça süýri şekile geçip bilýän sagadyň üstünde işleýär. Bu bolsa enjamyň ekranynyň meýdanyny 40% giňeldýär.

Resminamada sagadyň şekilini üýtgetmegiň gapdal düwmä basmak, duýgur ekranyň ýüzüne basmak ýaly birnäçe ýolunyň bardygy aýdylýar. Ýöne gynansak-da, bu heniz diňe bir konsept bolup durýar. Ýöne Samsung-yň ozalky enjamlaryndan çen tutup, ýakyn wagtda şeýle “akylly” sagatlaryň döredilmegine garaşyp bolar.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......