«Agarguýudan» Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisine günde 300 müň kub metrden gowrak gaz iberilýär

  • 09.12.2021 13:29
  • 9k+

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulanyşyndaky gaz ýataklarynyň sanawy «Agarguýy» ýatagy bilen ýetirildi. Ýakynda bu ýerde iki sany guýy burawlanylyp, olardan gymmatly uglewodorod akymy alyndy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň turkmengaz.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagyndan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine her günde 300 müň kub metrden gowrak tebigy gaz iberilýär. «Malaý» iri gaz käniniň golaýyndaky geljegi uly meýdançada ýerleşen guýularyň buraw işlerini «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawçylary ýerine ýetirdiler.

Häzir «Agarguýy» ýatagynda taslama çuňlugy 3,3 müň metr bolan ulanyş guýusynda buraw işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we ony şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......