Beýik Britaniýa geljegiň uçaryny görkezdi

  • 06.12.2021 23:51
  • 13k+

Aerokosmos tehnologiýalar institutynyň alymlary Beýik Britaniýanyň hökümetiniň goldaw bermeginde awiasiýanyň geljegini kesgitläp biljek uçary döretdiler. Hünärmenler planeta üçin zyýansyz bolan wodorod ýangyjynda işleýän ýolagçy uçarynyň taslamasyny görkezdiler. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Uçar täjirçilik uçuşlaryndan kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan FlyZero konsepsiýasynyň çäginde işlenip düzüldi – bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin britan häkimiýetleri 15 mln funt sterling bölüp berdiler. Hünärmenler wodorody öňde goýlan wezipeler üçin geljegi uly serişdeleriň biri hasaplaýarlar.

Görkezilen awialaýner orta göwrümli bolup, onuň ganatynyň gerimi 54 metre ýetýär, bu Boeing 767 bilen deňeşdirilende uly bolup, Boeing 787-ä garanyňda kiçidir. Model iki sany turbowentilýator hereketlendirijisi hem-de guýrugynda we fýuzelýažyň öňdäki böleginde wodorod saklamak üçin kriogen baklary bilen üpjün edildi. Olarda ýangyç Selsiý boýunça minus 250 gradus temperaturada saklanar.

Hünärmenler uçaryň reaktiw hereketlendirijili uçarlaryňky ýaly tizlik we rahatlyk bilen Londondan San-Fransisko 279 ýolagçyny gatnadyp biljekdigini aýdýarlar. Ýöne wodorody bortda saklamak has kyn we gymmat bolýar, şeýle-de zerur infrastrukturany döretmek we howa menzillerini täze ýangyç guýujy stansiýalar bilen üpjün etmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýar.

Awiasiýa pudagy dünýä jemgyýetçiliginiň dekarbonlaşdyrmak boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmäge synanyşmagy sebäpli basyş astyndadyr. Käbir kompaniýalar bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagyň başga usullaryna ýüzlenýärler – uçarlary işlenen ýagyň we kerosiniň esasyndaky bioýangyç bilen doldurýarlar, şeýle-de elektrik hereketlendirijili ulaglary döredýärler. Ýöne bu tehnologiýalar we akkumulýatorlaryň agramy kiçiräk laýnerler we gysga aralyga uçýan howa taksileri bilen çäklenmäge mümkinçilik berýär. 


04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

28.04.2026 17:11
5.2k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......

29.12.2025 11:56
3.2k+

Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar

Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir...

03.12.2025 11:09
6.1k+

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky ägirt uly çukurlaryň tegeleginiň emeli gelip çykyşyny tassykladylar

Arheologlar Stounhenjiň golaýyndaky äpet çukurlar zynjyrynyň adamlar tarapyndan döredilendigine subutnama tapdylar diýip, “Internet Arheologiýasy” žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan BBC we “The Guardian” habar berýär...