Beýik Britaniýada ilkinji kremniý çipli kwant kompýuteri işläp başlady

  • 19.09.2025 14:57
  • 3.8k+

Britaniýanyň Quantum Motion startapy pudakda ilkinji kremniý CMOS çiplerinde kwant kompýuteriniň işläp başlandygyny habar berdi. Onuň prosessorlary ýarym geçirijileriň pudagynda ulanylýan adaty 300-mm plastinalary bilen klassyk tehnologiýalar boýunça döredilýär.

Şeýle çemeleşme ulgamyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berip, kwant hasaplamalaryny iş ýüzünde ulanmaga ýakynlaşdyrýar.
Kompaniýa ilkinji gezek özüni 2022-nji ýylda, spin kubitlerine esaslanýan 1024 kubit prosessorynyň taslamasyny hödürlemek bilen tanatdy. Şeýle ulgamlarda kwant ýagdaýy elektron spinlerinde saklanýar, olary dolandyrmak bolsa hasaplaýyş amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu arhitektura häzirki tehprosesler bilen gabat gelýär we giňeltmek üçin amatlydyr.
Quantum Motion-yň ulgamy üç adaty serwer sütüninde ýerleşýär, kriogen enjamlary hem şol görnüşde ýerine ýetirildi. Bu maglumat merkezlerinde kompýuteriň ulanylmagyny aňsatlaşdyrýar. Ilkinji ulgam eýýäm döwlet gaznalarynyň we DARPA agentliginiň goldaw bermeginde Beýik Britaniýanyň Milli kwant hasaplaýyş merkezinde gurnaldy.
Kompaniýanyň prezidenti we tehniki müdiri Hýugo Saleh Quantum Motion-yň täjirçilik taýdan peýdaly kwant kompýuterlerini şu onýyllykda bazara çykarmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.


03.06.2026 00:14
3.8k+

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

04.05.2026 12:04
4.1k+

Ählumumy maglumat merkezleriniň gurluşygynyň şowhuny serişdelere düşýän agramy artdyrýar

Dünýäniň maglumat merkezleriniň infrastrukturasy çalt depginde giňelýär, bu bolsa gurluşykda iň uly şowhunlaryň birini döredýär we energiýa we suw serişdelerine düşýän agramy artdyrýar....

28.04.2026 17:11
5.3k+

Britaniýaly inžener 338 km/sag tizlik bilen gidýän «bugly raketany» döretdi

Beýik Britaniýaly inžener-entuziast Grem Saýks bug güýji bilen işleýän motosikl gurnady. Bu täsin ulag Santa Pod ýaryş meýdançasynda geçirilen barlaglarda «dünýäniň iň çalt bugly motosikli» diýen ady almagy......

29.12.2025 11:56
3.2k+

Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar

Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir...