Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa we ABŞ üçin nebitiň ýanwar üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy

  • 06.12.2021 23:37
  • 5.4k+

Dünýäde nebiti gazyp almak we nebit ätiýaçlyklary boýunça iň uly kompaniýa, Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco Aziýanyň we ABŞ-nyň bazarlaryndaky müşderileri üçin nebitiň ähli görnüşleriniň ýanwar aýyndaky üpjünçilik bahasyny ýokarlandyrdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlary boýunça, Saudi Aramco Aziýa ýurtlary üçin Arab Light görnüşiniň bahasyny 60 sent ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, bu görnüş üçin premiýa bir barrele 3,3 dollar bolar, bu bolsa 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Şol bir wagtyň özünde, ýanwar aýynda ABŞ üçin Arab Light görnüşiniň bahasy 40-60 sent ýokarlanar.

Saudi Aramco Aziýa üçin nebitiň beýleki görnüşleriniň bahasyny hem bir barrele $0,3-0,8 ýokarlandyrdy. 

Nebit kompaniýasy Demirgazyk-Günbatar Ýewropa üçin nebitiň ýanwar aýyndaky üpjünçilik bahasyny bir barrele $0,2-1,5 pese düşürdi. Ortaýer deňzindäki alyjylar üçin ICE Brent-e baglylykda kesgitlenen bahalar $0,3-1,4 arzanlady diýip, agentlik belledi.

Saud Arabystany her aýyň başynda sarp edijileriň islegleri esasynda üpjünçilik tertibini düzýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......