Täze Zelandiýa 3-nji dekabrdan COVID-19-a garşy üç reňkli göreş ulgamyny girizdi

  • 05.12.2021 22:14
  • 5.5k+

Täze Zelandiýa 3-nji dekabrda koronawirus ýaýrawyna garşy üç reňkli göreş ulgamyna geçdi. Bu barada ýurduň premýer-ministri Jasinda Ardern habar berdi diýip, TASS belleýär.

Hökümet ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Täze Zelandiýa gyzyl, sary we ýaşyl derejeleri öz içine alýan “ýol yşygy” ulgamyny ornaşdyrýar, bu derejeleriň her biri sanitariýa çäklendirmeleriniň belli bir toplumyny göz öňünde tutýar, gyzyl derejede bu çäreler ep-esli köp bolup, ýaşylda azdyr. 

“Ýurduň ilatynyň ep-esli bölegine sanjym edenimizden soň, täze ulgama geçmegiň wagty geldi” – diýip, Ardern ýurduň hökümetiniň saýtynda ýerleşdirilen beýannamada görkezdi. 

Premýer-ministr «ýol yşygy» ulgamynyň lokdaunlaryň duýdansyz yglan edilmeginiň ornuny tutjakdygyny» we doly sanjym alan raýatlar üçin ýörite rugsatnamalary ulanylyşa girizjekdigini aýtdy. Bu resminamalaryň sanjym alan täze zelandiýalylara sanitariýa çäklendirmeleriniň köpüsinden gaça durmaga mümkinçilik bermegine, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň bolsa işgärleriň hem-de müşderileriň sanjym alandygyny barlamak bilen, kesel ýaýrawy wagtynda-da işläp bilmegine garaşylýar. 

Ardern anna gününden Demirgazyk adanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinden we Täze Zelandiýanyň iň uly şäheri Oklendden başga tutuş ýurt üçin jemgyýetçilik ýerlerinde örtükleriň ulanylmagyny we sosial araçägiň berjaý edilmegini göz öňünde tutýan sary derejäniň hereket etjekdigini belledi. Oklend we şäherden demirgazykda ýerleşýän sebitler üçin gyzyl dereje hereket eder. 


30.11.2025 10:09
9.3k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.6k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.6k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

06.09.2025 17:19
11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...