Disney-e ilkinji gezek zenan maşgala ýolbaşçylyk eder

  • 05.12.2021 16:45
  • 3.4k+

The Walt Disney Company amerikan kompaniýasynyň müdirler geňeşine kompaniýanyň hereket edýän 98 ýylynyň içinde ilkinji gezek zenan maşgala ýolbaşçylyk eder. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“The Walt Disney Company-nyň müdirler geňeşi Sýuzen Arnoldyň 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryndan başlyk saýlanjakdygyny mälim etdi” – diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Ol bu wezipede işinden çekilýän Robert Aýgeriň ornuny çalşyrar.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, Sýuzen Arnold “Disney-iň paýdarlarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine hyzmat etmegi dowam etdirmek we onuň baş müdiri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Disney-e laýyklykda, Sýuzen Arnold 2007-nji ýylda kompaniýanyň müdirler geňeşine goşuldy. Ol 2018-nji ýylda geňeşiň baş garaşsyz müdiri boldy. Mundan başga-da, ol Procter & Gamble we McDonald’s ýaly kompaniýalaryň hem ýolbaşçylyk düzümine giripdi.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......