Dünýäde azyk önümleriniň bahasy bassyr dördünji aý ýokarlanýar

  • 05.12.2021 16:22
  • 8.4k+

Azyk harytlarynyň global bahasy bugdaýa we süýt önümlerine bolan islegiň artmagy netijesinde bassyr dördünji aý ýokarlanýar. Şeýle maglumatlary BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) ýaýratdy diýip, TASS habar berýär.

Azyk önümleriniň esasy görnüşleri üçin halkara bahalaryň aýlyk üýtgemelerini görkezýän FAO-nyň azyk bahalarynyň ortaça indeks derejesi noýabr aýynda 134,4 punkt boldy, bu hem 2011-nji ýylyň iýun aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Bu görkeziji oktýabr aýyna garanyňda, 1,2% ýokarydyr.

Hususan-da, süýt önümleriniň bahasynyň ýokarlanandygy bellenilýär: harytlaryň bu kategoriýasy üçin baha indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende, 3,4% ýokarlandy. “Ýag we gury süýt üçin ýokary global import islegi saklandy” – diýip, guramanyň hünärmenleri bellediler.

Noýabr aýynda FAO-nyň däneli ekinler üçin baha indeksi oktýabr aýy bilen deňeşdirilende, 3,1% ýokarlanyp, geçen ýyldaky derejeden 23,2% ýokary boldy. Bugdaýyň bahasy 2011-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. “Ösüş, şol sanda Russiýa Federasiýasynda eksport çäreleriniň bolup biljek üýtgemeleri bilen baglanyşykly näbellilik bilen baha derejesiniň goldanylan wagtynda-da, aýratynam ýokary hilli bugdaýyň çäkli üpjünçiliginiň fonunda ýokary islegiň bardygyny görkezdi” – diýip, BMG-niň guramasy belledi. Noýabr aýynda şekeriň baha indeksi 1,4% ýokarlandy. Ösümlik ýaglary üçin baha indeksi 0,3%, et üçin 0,9% peseldi. 


düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......