Ýegor Zaýsew BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň täze ýolbaşçysy boldy

  • 05.12.2021 12:00
  • 3.1k+

4-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmen tarapy, öz gezeginde, Ýegor Zaýsewi BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa geljekki işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça özara hereketleriň ýokary derejesini nygtadylar, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda COVID-19-a garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......