Berdimuhamedow: «Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyna ýol berilmeli däl»

  • 04.12.2021 09:47
  • 42k+

Hökümetiň şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda, aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümleriň bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini aýdyp, wise-premýer Ç.Gylyjowa degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hem güýçlendirmegi tabşyryp, telekeçilere geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady. Şoňa görä-de, öz öndüren harytlarymyzyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň, şol harytlary beýleki döwletlerde mahabatlandyrmagyň üstünde hem köp işlemek zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirmäge hem-de ösüş meselelerini çözmäge ukyply, täze iri tehnologik kompaniýalaryny we şereketlerini döretmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......