Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlaryň ýaramaz täsirlerine göreşmek boýunça Maksatnama kabul edildi

  • 04.12.2021 09:38
  • 7.7k+

Hökümetiň 11 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......