Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

  • 03.12.2021 20:58
  • 9k+

Tel-Awiw iň gymmat durmuş derejeli şäherleriň reýtinginde bir ýylda bäş orun ýokary galyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda Pariž ýerleşdi. Bu barada Economist  Intelligence Unit-iň geçiren barlagyna  salgylanyp, rus.err.ee habar berdi.

Meduza portalynyň habaryna görä, Tel-Awiw şäheri birinji orna Ysraýylyň pul birligi bolan şekeliň ABŞ-nyň dollaryna garşy çalt ösmegi we iýmitiň, alkogol içgileriniň hem-de ulaglaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde ilkinji gezek çykdy.

Reýtingde ikinji ýeri mundan bir ýyl öň Gonkong we Sýurih bilen bir hatarda sanawyň başyny çeken Pariž eýeledi. Täze reýtingde Pariž ikinji ýeri Singapur bilen bilelikde eýeledi. Sýurih we Gonkong, degişlilikde, üçünji we dördünji orny eýeledi. Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň onlugyna Nýu-Ýork, Ženewa, Kopengagen, Los-Anželes we Osaka hem girdi.


19.12.2025 10:13
4.9k+

Ierusalimde ýaşy 2000 ýyldan gowrak bolan 50 metrlik diwar tapyldy

Arheologlar Ierusalimde gadymy şäher diwarynyň iň doly we iň uzyn bölekleriniň birini tapdylar, ol Hasmoneý döwrüne (2100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal) degişli diýip, Associated Press habar berýär. Galanyň binýadynyň uzynlygy tas 50 metre, ini bolsa 5 metre golaý...

28.09.2025 10:49
8.8k+

Ysraýylda Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we şaý-seplerden ybarat hazyna tapyldy

Ysraýylyň demirgazygynda, Kineret kölüniň golaýyndaky Susita milli seýilgähinde arheologlar Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we onlarça şaý-sep böleklerinden ybarat hazynany tapdy. Bu barada Ynet portaly habar berýär...

23.05.2025 19:14
15k+

Aleksandr Makedonski döwründen galan moda: çaganyň 2300 ýaşly altyn ýüzügi tapyldy

Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýany döredilipdir...

05.04.2025 21:31
9.4k+

Ysraýylda üç ýaşly gyzjagaz bürünç asyryna degişli tumar tapdy

Ziw Nisan atly üç ýaşly gyzjagaz Ysraýylyň Tel-Azeka sebitinde 3800 ýyllyk skarabeý tumaryny tapdy. Çagylly ýoldan ýöräp barýarka, owadan gören daşyny ýerden galdyrypdyr. Ýüzünden çägäni kakyp aýrandan soň, tapyndynyň...