Narendra Modi Berdimuhamedowy Hindistana çagyrdy

  • 03.12.2021 19:37
  • 8.4k+

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Premýer-ministr türkmen Liderine iberen hatynda belleýär.

«Geljek ýyl Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri bolup, şonda biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram ederis.
Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar» - diýlip hatda bellenilýär.

Hindistanyň Premýer-ministri iki ýurdy däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. «Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi» - diýlip hatda bellenilýär. 

«Ýetip gelýän 2022-nji ýyl Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüler hem-de diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslener. Onuň şu ýyl dabaralandyrylýan taryhy senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hindistan Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýar hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar.
Men Siziň Alyhezretiňiziň Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» - diýip Modi hatyny jemleýär.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......