ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini we çagalar üçin sanjymlary getirdi

  • 03.12.2021 07:37
  • 6.9k+

ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dollaryna  barabar  bolan şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi. Olar kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir we gorag äýneklerinden ybaratdyr.

«COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýänligi sebäpli şahsy gorag serişdeleri keselleriň öňüni almagyň we olara garşy durmagyň möhüm bölegidir. Biz lukmanlaryň saglygyna jogapkärdiris» – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar üçin esasy sanjymlary getirmegiň ozaldan gelýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin  «A» gepatite, möwsümleýin dümewe, garahassa we popilloma wirusyna garşy esasy sanjymlaryň 4-si getirildi. Munuň özi ÝUNISEF-iň 2021-nji ýylda sanjymlary satyn almak we getirmek hem-de ýurtda çagalaryň yzygiderli sanjymyny üpjün etmek boýunça  borçlaryny ýerine ýetirmekdäki üçünji ýüküdir.

Sanjymlary we çykdajy serişdelerini satyn almak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirýär, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar ýurtda çagalara mugt sanjylýar. ÝUNISEF ýokary hilli, BSGG-niň deslapky barlaglaryndan geçen sanjymlary, şeýle hem sanjymlar we sowadyjylar üçin howpsuz enjamlary satyn almakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär.


düýn 23:14
3.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....