S.Seýdi adyndaky TDMI-de Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler

  • 03.12.2021 07:18
  • 4.6k+

4-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçiriler. Olimpiada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli guralar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. 

Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden bu ugurdan öz bilimlerini barlamaga isleg bildirýän hem-de 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli  degişli talapnamalary iberen talyplar gatnaşar. Olimpiada iki ̶ «A» we «B» derejede geçiriler.
«A» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
«B» derejedäki bäsleşige «Fizika» ugrundan başga ähli ugurlarda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.
Her derejedäki bäsleşige bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Olimpiada bilen bagly degişli bildirişler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi saýtynda çap edilýär.
+99363100436, +99364717890 telefon belgiler boýunça goşmaça maglumatlary alyp bilersiňiz.


düýn 21:14
3k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleri seçip alýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Resminamalary kabul etmek işi 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly – 8-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde amala aşyrylar...

düýn 01:43
7.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026–2027-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Bu baradaky maglumat sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi...

20.02.2026 16:53
1.2k+

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de Halkara ene dili gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de institutyň bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Halkara ene dili güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi...

19.02.2026 20:42
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi ÝB-niň wekilleri bilen bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri — Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça müdirliginiň (DG EAC) baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens, şeýle hem Ylmy gözlegler we innowasiýalar boýunça müdirliginiň (DG RTD) baş direktory Mark Lemetr bilen duşuşyklary geçirdi...