Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 11 aýda ýerine ýetiren işleri jemlendi

  • 03.12.2021 08:56
  • 13k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň öz düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri baradaky hasabatlaryny diňledi.  Goranmak ministri B.Gündogdyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew,  Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada gezekli-gezegine hasabat berdiler. 

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda awtoulag serişdeleriniň sanynyň köpelmeginiň ulaglaryň gatnawynyň ýygylygynyň artmagyna täsir edýändigini aýdyp, ýol hereketiniň sazlaşykly guralmagynyň hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministrine bu edaranyň işgärleriniň durmuş meseleleriniň çözülmeginiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Türkmen Lideri hödürlenen Karara gol çekip, resminamada bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......