Alymlar içege taýajyklaryndan nebit öndürmegi öwrendiler

  • 03.12.2021 19:02
  • 8.2k+

Koreý we amerikan alymlary üýtgedilen içege taýajyklarynyň gaýtadan işlän glýukozasyndan tebigy nebit döretmek konsepsiýasyny işläp düzdüler we ony synagdan geçirdiler. Bu barada Naked Science  salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Alymlaryň pikiriçe, ilkinji synaglar üstünlikli geçdi we ol geljekde himiýa pudagy üçin uly mümkinçilikleri açyp biler.

Barlag içerki ýangyç hereketlendirijisinden düýbünden ýüz öwürmek üçin nebitiň ornuny doly tutup biljek serişdäni tapmak niýeti bilen geçirildi. Ýöne bellenilişi ýaly, gazylyp alynýan uglewodorodlaryň hemmesini ýangyç üçin ulanyp bolmaýar. Olardan plastmassa, çalgy ýaglaryny, lukmançylyk önümlerini we ş.m. öndürmek zerur bolup durýar.

Alymlar içege taýajyklaryny adamda periodontit döredýän beýleki bakteriýalaryň beloklary bilen modifisirlediler. Üýtgedilen bakteriýalar, öz alyş-çalyş ýagdaýyna kän bir zyýan ýetirmän, glýukozanyň takmynan 8%-ini iki ýag kislotasyna öwürmegi başardylar. 


şu gün 17:37
79

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......