Dünýäniň iň baý on adamsy bir günde 37 milliard dollar ýitirdi

  • 01.12.2021 09:12
  • 14k+

Dünýäniň iň baý on adamsynyň umumy baýlygy bir günde 37 milliard dollar azaldy. Bu barada Forbes Real-Time reýtingine salgylanyp, rueconomics.ru habar berdi.

Maýa goýujylaryň koronawirusyň täze ştammynyň ýaýramagy zerarly howsala düşmegi biržalarda düýpli pese gaçmalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Şeýlelikde, Amerikanyň Dow Jones indeksi 2,5%, S&P 500 indeksi - 2,3%, NASDAQ indeksi bolsa 2,2% aşaklady. Beýleki söwda meýdançalarynda hem görkezijileriň peselmesi hasaba alyndy.

Netijede, Tesla-nyň we SpaceX-iň esaslandyryjysy Ilon Mask 7,9 milliard dollar ýitirdi. Amazon-yň baş direktory Jeff Bezos 3,8 milliard, Louis Vuitton-yň we Dior-yň eýesi Bernar Arno 9 milliard ýitirdi. Şeýle-de Bill Geýts (2,1 milliard), Larri Ellison (1,9 milliard), Larri Peýj (3,1 milliard), Mark Sukerberg (2,8 milliard), Sergeý Brin (3 milliard), Stiw Ballmer (2,2 milliard) we Uorren Baffet (1,3 milliard) dagy hem zyýan çekdiler.


düýn 10:45
3k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......