Jek Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini terk edýär

  • 01.12.2021 09:29
  • 5.7k+

Twitter sosial ulgamyny esaslandyryjy Jek Dorsi adybir kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden gidýändigi barada habar berdi. Ol gitmek baradaky kararyny özüniň Twitter sahypasynda tassyklady diýip, TASS habar berýär.

“Men wezipeden gitmegiň wagty gelendigi barada karara geldim” – diýip, Dorsi beýannamada belledi. Ol Twitteriň tehniki müdiri Parag Agrawalyň duşenbe gününden baş müdir wezipesine girişýändigini sözüniň üstüne goşdy. Agrawalyň baş müdir wezipesine bellenilmegini Twitteriň müdirler geňeşiniň agzalary biragyzdan goldadylar diýlip, kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Dorsiniň kompaniýanyň paýdarlarynyň 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky duşuşygyna çenli müdirler geňeşinde agzalygyny saklajakdygy bellenilýär. “Şondan soň men ol ýerden hem çykaryn” – diýip, Dorsi aýtdy.

Twitter ulanyjylara gysga habarlary alyşmaga, pikir soraşmalary guramaga, suratlary we wideolary neşir etmäge mümkinçilik berýän sosial ulgamdyr. Ol Odeo amerikan kompaniýasynyň işgärleri Jek Doris, Noa Glass, Ewan Uilýams we Biz Stoun tarapyndan döredildi. Doris ondaky ilkinji habary (“Ýöne bir öz Twitterimi sazlaýaryn”) 2006-njy ýylyň 21-nji martynda neşir etdi. Ol bu neşiri şu ýylyň mart aýynda auksionda biri-biriniň ornuny tutmaýan token görnüşinde (NFT) 2,9 mln dollardan gowrak baha satdy. 

Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini 2006-njy ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda eýeledi we oňa 2015-nji ýylda gaýdyp bardy. “Forbes” žurnaly onuň baýlygyny 11,8 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Şu ýylyň üçünji çärýegindäki maglumatlar boýunça, tutuş dünýäde her gün ortaça 211 mln adam Twitterden peýdalanýar.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......