Emomali Rahmon YHG ýurtlaryny söwda gurşawynda koronawirus çäklendirmelerini aýyrmaga çagyrdy

  • 30.11.2021 19:59
  • 15k+

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon YHG-nyň ýurtlaryny söwda gurşawynda koronawirus çäklendirmelerini aýyrmaga çagyrdy. Bu barada ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň liderleriniň sammitinde aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, çäklendirmeleriň ýatyrylmagy işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle-de ilatyň we transportyň erkin hereket etmegine mümkinçilik berer. Muny “MIR 24” ýetirýär.

Täjigistanyň baştutany sebitde energetika bazarynyň döredilmegini we CASA-1000 ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň gurulmagyny goldady. Ol Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirip, sebit üçin energiýa köprüsine öwrüler. 

Sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Eýranyň prezidenti bilen geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň ulag ulgamlarynyň birleşmegi barada gürrüň edildi. Şeýlelik bilen, Duşanbe ýerüsti we demir ýollar arkaly Eýranyň portlaryna çykyp biler. Özbegistanyň lideri bilen geçirilen duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn komissiýanyň işini işjeňleşdirmek kararyna geldiler. Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen söhbetdeşlikde ylym, medeniýet we saglygy goraýyş pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Täjigistandan Pakistanyň portlaryna ulag geçelgeleriniň döredilmegi sebitleýin söwdany işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer, bu Pakistanyň lideri bilen gürrüňdeşlikde esasy mowzuga öwrüldi. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen duşuşykda hem ykdysady hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky bäş ýylda Täjigistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy iki milliard dollardan geçdi.

Iki ýurduň liderleri ekstremizmiň we terrorçylygyň global howplaryna garşy göreşde özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. 


05.03.2026 20:23
1.8k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.01.2026 12:26
3.8k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...