«Lukoýl» Hazaryň türkmen kenarynda täze taslamalary amala aşyrmaga taýýar

  • 30.11.2021 09:10
  • 5.3k+

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy.

Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda hukuk kadalaryna hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm şert bolup durýar.

Işewür Türkmenistanda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu pudaga innowasion häsiýetli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady, bu ugurda Russiýanyň iri kompaniýasy oňyn tejribe toplady.

Işewür hormatly Prezidentimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de Hazar giňişliginde bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, bildirilýän ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

“Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň geljekde hem üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

12.12.2025 16:33
5.1k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...