Goşmaça ekranly döwülmezek smartfon ýakyn wagtda satuwa çykarylar

  • 30.11.2021 09:27
  • 12k+

Hytaýly smartfon öndürijisi bolan Doogee täze 5G smartfony bolan Doogee V20-niň ýakyn wagtda çykjakdygyny tassyklady. Ol 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda çykarylar diýip, pcnews.ru habar berdi.

Täze V20 modeli 6.43 dýuýmlyk Samsung AMOLED 2K ekrany bilen goralan ilkinji berk smartfon bolar. Onuň selfi-kamerasy ekranyň ýokarky merkezinde ýerleşer.
Bu telefonyň özboluşly dizaýny yzky kamera modulynyň gapdalynda ýerleşýän goşmaça displeý bilen hasam tapawutlanýar. Bu 1.05 dýuým diagonally ekran wagty, habarnamalary, gelýän jaňlary görkezip biler we aýdym-sazy dolandyrmaga mümkinçilik berer.
Doogee V20-iň korpusy uglerod süýüminden edilendir. Enjamyň suw geçirmeýänligi hakynda IP68 we IP69K şahadatnamalary, ýere gaçmakdan goraglydygy hakynda MIL-STD-810G şahadatnamasy we ýokary hem-de pes temperaturalara garşy durnuklydygy hakynda MODE şahadatnamasy bar.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......