Alymlar koronawirusyň «omikron» ştammyny «delta» bilen deňeşdirdiler

  • 28.11.2021 16:36
  • 11k+

Italiýaly alymlar ilkinji bolup koronawirusyň «omikron» ştammynyň suratyny nusgada görkezmegi başardylar. Hünärmenler täze görnüşli COVID-19-yň suratyny görkezdiler we ony öň ýaýran «delta» ştammy bilen deňeşdirdiler diýip, RIA Nowosti Bambino Gesu rim we watikan hassahanasyna salgylanyp habar berýär.

Ýokanjyň has tapawutly aýratynlyklary suratda gyzyl bilen belgilenýär.

Surata laýyklykda, «omikronyň» 43 sany mutasiýasy (özgermesi) bar, «deltada» 18 mutasiýa bar. Esasy tapawutlyklar adamyň öýjükleri bilen baglanyşýan belok ulgamynda bar. Alymlaryň pikirine görä, munuň özi koronawirusyň adam organizmine uýgunlaşýandygyny görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, «omikronyň» COVID-19-yň öňki ştammyndan näderejede howpludygy barada kesgitli aýtmaga heniz ir. Ýokanjyň bu görnüşiniň immuniteti ýeňip biljekligi we kesele garşy sanjymyň netijeliligini peseldip biljekligi barada diňe jikme-jik seljerme geçirilenden soň aýdyp bolar diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleri jemgyýetçiligi howsala düşmezlige çagyrýar.

Muňa garamazdan, käbir hünärmenler eýýäm häzirden «omikrony» «deltadan» has howply hasaplaýarlar.

Koronawirusyň täze ştammy noýabryň başynda Günorta Afrika Respublikasynda ýüze çykaryldy. «Omikron» bilen kesellemäniň ilkinji ýagdaýlary Gonkongda, Belgiýada, Ysraýylda, Germaniýada, Italiýada, Niderlandlarda we Awstraliýada tapyldy.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynyň birnäçesi Günorta Afrika bilen howa gatnawlaryny togtatdy.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.7k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......