Prezident Ilham Aliýew YHG-nyň XV Sammitine gatnaşýar

  • 28.11.2021 15:56
  • 6.4k+

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary babatda pikir alşylmagyna garaşylýar.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......