Sadyr Japarow iş sapary bilen Türkmenistana geldi

  • 28.11.2021 15:40
  • 4.9k+

28-nji noýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Saparyň dowamynda Sadyr Japarow türkmen paýtagtynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüş meseleleri, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşylar.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......