Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

  • 28.11.2021 13:27
  • 3.5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hysrow Noziri Aşgabatda geçiren duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada YHG-niň resmi saýtynda habar berilýär.

YHG-nyň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, 28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň sammitiniň geçirilmegi Guramanyň agza döwletleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň geljegi üçin açyk pikir alyşmak üçin wekilçilikli forum bolar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygy meselelerine Türkmenistanyň jogapkärli çemeleşýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Türkmenistan umumy maksatlar boýunça YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mundan beýläk hem ýardam etmegini dowam eder. Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen gepleşiklerini öz bitaraplyk derejesine daýanyp, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş nukdaýnazaryndan guraýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......