2-nji dekabrda Bilelikdäki türkmen-gyrgyz toparynyň onlaýn mejlisi geçiriler

  • 27.11.2021 07:09
  • 2.8k+

26-njy noýabrdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly bu toparyň 5-nji mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen Lideri dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barada aýdyp, özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, toparyň 5-nji mejlisini geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere guramaçylyk meseleleriniň talabalaýyk çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......