Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň hökümet Baştutanlarynyň ýubileý sammitine gatnaşdy

  • 26.11.2021 16:54
  • 6.3k+

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu gurama girýän ýurtlaryň Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary bolup durýandygy möhümdir. ŞHG bilen gatnaşyklary ösdürmäge ýurdumyzyň dünýä we kontinental işlere gatnaşmagynyň umumy ugry hökmünde garaýarys diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nygtady.

Türkmenistanyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ugurlar boýunça bähbitleriniň gabat gelýändigi bellärliklidir. Olary iş ýüzünde amala aşyrmak, hyzmatdaşlyk boýunça geljegi uly bilelikdäki halkara taslamalara çykmak arkaly, olary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmak möhümdir. Biz energetika we ulag ulgamlarynda, söwdada hem-de maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, wise-premýer belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjylara, onuň agzalaryna we synçylaryna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygyny ýetirdi. Bu maslahaty Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň aprel aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.


şu gün 11:28
192

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......