Beýik Britaniýanda binalary elektrokarlara zarýad berijiler bilen üpjün etmegi borçlandyrarlar

  • 25.11.2021 19:48
  • 5.3k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti 2022-nji ýyldan başlap gurluşykçylary ähli täze binalary elektrokarlar üçin zarýad beriji stansiýalar bilen üpjün etmäge borçly etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Birleşen Korollygyň premýer-ministri Boris Jonsonyň çykyş böleklerinde aýdylýar. Olar hökümet ýolbaşçysynyň diwanhanasy tarapyndan ýaýradyldy. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Häkimiýetler her ýyl öýlerde awtoulaglar üçin 145 müň zarýad berijiniň peýda bolmagyna garaşýarlar. Stansiýalar diňe bir täze binalarda däl, eýsem düýpli abatlaýyş işlerinden soň on we ondan köp awtoduralgasy bolan islendik binada gurnalmaly. Portlardan islendik elektromobili “doldurmak”, şeýle-de gibrid akkumulýatoryna zarýad bermek bolar.

Täze başlangyç hökümetiň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýasynyň bir bölegi bolup, ekologiýa taýdan has arassa awtomobilleriň peýdasyna içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobillerden ýüz öwürmäge ýardam eder. RAC Limited serwis kompaniýasy bir binada zarýad beriji enjamlaryň oturdylmagynyň ortaça 800 funt sterlinge düşjekdigini belleýär – bu işlere döwlet tarapyndan hemaýat berilmeli.

Hökümet ýolbaşçysynyň diwanhanasynda bellenilişi ýaly, şunuň bilen bagly kanun taslamasy eýýäm şu ýyl parlamente hödürlenmeli, täze normatiwler bolsa eýýäm indiki ýyldan güýje girmeli.


04.04.2026 23:43
5.2k+

Icelandair kompaniýasy Islandiýa syýahat hödürlemek üçin «erbet fotosuratçyny» gözleýär

«Icelandair» awiakompaniýasy bäsleşik yglan etdi. Onuň ýeňijisi Islandiýa 10 gün syýahat etmäge mümkinçilik gazanar. Taslamanyň maksady hatda tejribesiz adamyň hem bu ýurtda gowy suratlary düşürip biljekdigini......

03.04.2026 16:15
3.3k+

GPS geçmişde galdy: Beýik Britaniýada kwant nawigasiýaly otly synag edildi

Beýik Britaniýa dünýäde ilkinji bolup, magistral otlusynda kwant nawigasiýa ulgamyny barlap gördi. Bu synag işleri London bilen Uelwin-Gaden-Siti şäherleriniň arasyndaky Great Northern ýolunda amala aşyryldy....

18.03.2026 16:06
3.9k+

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

17.03.2026 19:09
1.2k+

Britaniýaly ýazyjylar emeli aň ulanylman ýazylan kitaplar üçin ýörite logotip döretdi

Beýik Britaniýanyň «Society of Authors» (SoA) — Ýazyjylar, illýustratorlar we terjimeçiler birleşmesi — «Human Authored» logotipini hödürledi. Ol generatiw emeli aňy ulanmazdan, diňe adamlar tarapyndan ýazylan kitaplary tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir...