Türkiýäniň lirasy nobatdaky pese gaçyş rekordyny täzeledi

  • 24.11.2021 23:58
  • 14k+

Sişenbe güni Türkiýäniň lirasy dollara gatnaşykda amerikan walýutasynyň birligi üçin 13,5 lira çenli düşüp, ýene bir gezek pese gaçyş rekordyny täzeledi. Muny birža söwdalarynyň onlaýn maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Ýylyň başyndan bäri türk walýutasy 70% gymmatyny gaçyrdy we bu hem soňky ýyllarda milli walýutanyň hümmetiniň iň uly pese gaçyşlarynyň biri boldy. Ýanwar aýynda bir dollara, takmynan, 7,3 lira berilýärdi. 

Lira sişenbe gününiň söwdasyny bir dollar üçin 11,38 hümmetinden başlady. Häzirki wagtda sebitde hümmet dollara 13 lira derejesinde üýtgeýär, ýöne heniz ondan pese düşenok. Sişenbe gününde gymmat ýitgisi 15% boldy. Lira beýleki walýutalara gatnaşykda hem pese gaçýar. Dollar – ýewro pariteti 1,12 derejesinde üýtgewsiz saklanýar.

Geçen hepde Türkiýäniň Merkezi banky liranyň pese gaçyşyny we inflýasiýany durnuklaşdyrmak üçin çäre hökmünde esasy derejeleriň birini peseltdi. Ýagny, gürrüň 16%-den 15%-e çenli pese düşen hepdelik repo (gymmatly kagyzlary girew goýmak bilen gysga möhletli karzlar) auksionlaryndaky göterim derejesi barada gidýär. Ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan göterim derejelerini “halk üçin betbagtçylyk” diýip hasaplap, olaryň peseldilmegini işjeň goldaýar. Merkezi bank, öz gezeginde, häkimiýetleri derejeleriň peseldilmeginiň maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir etjekdigine we munuň çözgüt däldigine ynandyrýar.

Liranyň pese düşmegi esasynda oppozisiýa ýurduň häzirki ýolbaşçylygy ykdysady meselelerden baş çykaryp bilmez diýip hasaplamak bilen, möhletinden irki prezident we parlament saýlawlaryny geçirmegiň zerurlygy baradaky meseläni gozgady. Ýöne Ärdogan möhletinden irki saýlawlary geçirmek mümkinçiligini aradan aýyrdy we olaryň 2023-nji ýylda öz wagtynda geçiriljekdigini aýtdy. 


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......