Eýranyň Prezidenti YHG sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

  • 24.11.2021 23:17
  • 9k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň sammitine gatnaşmak üçin şenbe güni Türkmenistana sapar bilen geler.

IRNA habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Raisi ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýete ýolbaşçylyk eder.
Raisiniň sebit we halkara gatnaşyklaryny berkitmek, aýratyn hem bökdençlikleri aradan aýyrmak we YHG agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça Eýranyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etmegine garaşylýar.
EYR-nyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirer.
YHG  Eýrandan, Türkiýeden, Pakistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Azerbaýjandan ybarat bolan sebit guramasydyr.
Şu ýylda YHG-da başlyklyk edýän we Guramanyň agza döwletleriniň sammitini özünde kabul edýän döwlet hökmünde Türkmenistan guramaçylyk işlerini ýokary derejede alyp barýar.
Esasy çäreleriň çäklerinde Daşary işler minsitrleriniň Geňeşiniň mejlisi, şeýle hem YHG agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler.

 


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......