Gamaleýa merkezi geljek ýyl COVID-19-a garşy dermanyň synaglaryna başlar

  • 24.11.2021 14:55
  • 4.2k+

Koronawirusa garşy monoklonal antikorlara esaslanýan rus dermany 3-5 aýyň içinde hasaba alnyp bilner. Bu barada Gamaleýa merkeziniň müdiriniň orunbasary Denis Logunowyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi.

"Gamaleýa merkezinde iki ugur bar. Olaryň birinjisi monoklonal antikorlara gönükdirilen ugur. Derman eýýäm ýokary taýýarlyk derejesinde. Ýakyn wagtda eýýäm dermanyň kliniki synaglaryna girişeris. Bu ýanwar aýynda bolar, biz rugsat alarys diýip umyt edýärin. Ony öňümizdäki birnäçe aýyň içinde - 3-5 aýda tassykladyp bolar diýip umyt edýärin" diýip, Logunow gürrüň berdi.

Logunow derman serişdelerini tassyklamagyň möhletiniň kliniki synaglara gatnaşjak meýletinçileriň näçe wagtda jemlenişine bagly boljakdygyny aýtdy.


05.06.2026 17:46
2.4k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.7k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.3k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......