Volvo-nyň gözlegleri elektromobil önümçiliginiň zyňyndylary 70% ýokarlandyrýandygyny görkezýär

  • 24.11.2021 10:01
  • 8.5k+

Elektromobil önümçiliginiň içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobil bilen deňeşdirilende, ekologiýa taýdan has arassadygy ýa-da ýokdugy barada eýýäm birnäçe wagt bäri jedel gidýär we bu dowam edip biler, sebäbi Volvo-nyň soňky gözlegleri elektromobiliň önümçilik prosesiniň içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobillere garanyňda, has köp zyňyndy döredýändigini görkezdi. Bu barada procrossover.ru habar berýär.

Volvo nusga hökmünde iki – adaty benzin bilen işleýän Volvo XC40 we elektrik Volvo C40 Recharge krossowerini aldy. Awtoulag ägirdi soňky awtomobiliň önümçiliginiň zyňyndylaryň, takmynan, 70% ýokarlanmagyna getirýändigini anyklady. Bu görkeziji ähmiýetli bolup biler, sebäbi awtomobilleriň ikisi-de bir zawodda we bir gurnama hatarynda öndürilýär. Olaryň ikisiniň hem köp sanly umumy komponentleri bar.

Bu elektromobiliň akkumulýator batareýasynyň öndürilişiniň has köp zyňyndylara sebäp bolýandygyny görkezýär, sebäbi Volvo çig malyň gazylyp alynmagyny we gaýtadan işlenilmegini öz içine alýan prosesiň başlanmagyny hem göz öňünde tutdy. 

Şeýle-de bolsa, bir nuans bar: käbir şertlerde elektrokarlar gazylyp alynýan ýangyçly awtomobillere garanyňda, ekologiýa taýdan, takmynan, 15-30% arassa bolup biler.

Munuň üçin iki ulagy-da ulanyp başlamak ýeterlikdir. Eger-de C40 Recharge diňe öndürilen wagtynda atmosferada uglerod yzyny galdyrýan bolsa, XC40 bütin ömrüniň dowamynda zyýanly zyňyndylaryň mukdaryny artdyrýar. Volvo-nyň bellemegine görä, 50 000 km ýoly geçenden soň, elektromobil benzin bilen işleýän awtomobilden ekologiýa taýdan has arassa bolar, ýöne diňe gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alnan energiýadan zarýad almak şerti bilen. Ýogsam, zerur aralyk tas 110 000 kilometre çenli ýokarlanar.


düýn 16:47
2.3k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.2k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

09.03.2026 15:37
7k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar...

09.03.2026 11:12
4.9k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...