Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylar we häkimler bilen öňde durýan wezipeleri maslahatlaşdy

  • 23.11.2021 08:46
  • 14k+

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary gezekli-gezegine diňlenildi.

Türkmen Lideri ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýylylyk bilen üpjün edilişine, umuman, paýtagtymyzyň energiýa we gaz üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de wise-premýere paýtagtymyzda şu hepdede göz öňünde tutulýan möhüm ähmiýetli halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge, Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli ulanmak, meýdanlarda pagtanyň galan hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak hem-de hasyly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen bagly meselelere üns çekildi. Halkara Bitaraplyk gününi, Täze ýyl baýramyny welaýat we etrap derejelerinde mynasyp bellemek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada-da hasabatlar diňlenildi.


şu gün 07:42
157

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......