Xiaomi ikinji awtomobil kompaniýasyny esaslandyrdy

  • 22.11.2021 23:50
  • 6.2k+

Hytaýyň önümçilik ägirdi Xiaomi awtomobil bazaryna çykmagyň üstünde işleýär. Sentýabr aýynda Xiaomi Automobile Co hasaba alnandan soň, kompaniýa ikinji awtomobil kompaniýasyny hasaba aldy. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

18-nji noýabrda Xiaomi Automobile Technology Co döredildi, oňa Xiaomi-niň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji müdiri Leý Szýun ýolbaşçylyk edýär. Bu kompaniýanyň düzgünnama maýasy 1 mlrd ýuana (takmynan, 155 mln dollar) barabar. Bu kompaniýanyň iş sferasy elektrik ulag serişdeleriniň önümçiligini we degişli tehnologiýalaryň işlenip düzülmegini öz içine alýar. 

Xiaomi awtomobil çykarmak meýilnamasy barada şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda resmi taýdan yglan etdi. Munuň üçin akylly elektromobiller bilen iş salyşýan golçur kärhana döredildi. Başlangyç maýa goýum, takmynan, 1,5 mlrd dollar boldy, ýöne geljek 10 ýylda kompaniýa, takmynan, 10 mlrd dollar maýa goýar.

Leý Szýun Xiaomi-niň awtomobil döretmek üçin tejribesini we gatnaşyklaryny peýdalanjakdygyny aýtdy. Kompaniýanyň 17 mlrd dollar nagt ätiýaçlygy, şeýle-de 10 000 adamy öz içine alýan gözlegler we işläp düzme bölümi bar. Kompaniýa dünýädäki iň gowy akylly awtomobil ekosistemasyny döretmek üçin bu artykmaçlyklardan peýdalanmagy umyt edýär. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda Xiaomi 453 adamdan ybarat awtomobil toparyny döredendigini habar berdi. Xiaomi 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda resmi taýdan ilkinji awtomobilini köpçülikleýin öndürip başlar.


03.05.2026 23:50
1.3k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......

01.05.2026 15:03
1.5k+

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

23.03.2026 07:08
2k+

Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy...

04.03.2026 14:39
2.6k+

Xiaomi Barselonada Vision GT giperkarynyň nusgasyny görkezdi

Xiaomi kompaniýasy Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde özüniň täze konseptual elektrikli giperkaryny — Xiaomi Vision GT-ni tanyşdyrdy. Xiaomi Vision GT — bu «Gran Turismo 7» ýaryş oýny üçin ýörite döredilen doly göwrümli awtomobil nusgasydyr...