Tesla Internetde iň meşhur marka boldy

  • 22.11.2021 23:48
  • 5k+

Amerikan konserni Tesla sosial ulgamlarda iň köp gürrüňi edilýän marka boldy. Bu brend, köplenç, Twitterde we Redditde maslahatlaşylýar. Bu barada car.ru habar berýär.

Sürüjiler amerikan kompaniýasy bilen bagly öz pikirlerini aýdýarlar, çykarylýan elektrokarlaryň üstünlikli taraplaryny belläp, ulanylyş wagtynda ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Tesla Internetdäki 461 200 “diskussiýada” agzaldy. Bu geçen ýylky netijeden 130% köpdür. Brend Tesla-nyň Hertz kompaniýasyna 100 000 elektrokar geçirjekdigi belli bolandan soň, meşhurlygyň iň ýokary derejesini gazanmagy başardy.
Meşhurlyk boýunça ikinji orunda Ýaponiýanyň Toyota brendi ýerleşýär, üçlügi Mercedes-Benz jemleýär. Geçen on aýda olar, degişlilikde, 143 400 we 137 000 gezek ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iň meşhurlaryň sanawyna giren ähli konsernler dünýä bazarynda yzygiderli täze önümleri hödürlemäge we çykarylýan ulag serişdeleriniň soňundan Internetde öz pikirleri bilen paýlaşýan alyjylaryň göwnünden turmagy üçin ähli zady etmäge çalyşýarlar. 


düýn 12:30
2.7k+

Toyota ýene yzda galdy: Tesla Model Y bassyr üç ýyl bäri dünýäniň iň köp satylýan awtoulagy boldy

Tesla Model Y yzygiderli üç ýyl bäri dünýäde iň köp satylýan awtoulag bolmagynda galýar. Bu barada Tesla kompaniýasy habar berdi. Modeliň umumy satuwy 4 million awtoulagdan geçdi. 2023-nji ýylda Model Y bir ýylda takmynan 1,223 million sany satylmak bilen, ilkinji gezek Toyota RAV4 we Corolla modellerinden öňe geçmegi başardy...

14.03.2026 12:28
3.7k+

Braýl elipbiýi bilen üpjün edilen Tesla Cybercab-y kör adamlar hem sürüp biler

Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz dolandyrylýan Cybercab awtomobillerinde görüjilik ukyby peselen ýa-da doly ýitiren adamlar üçin Braýl elipbiýindäki ýazgylar bolar. Bu barada robotaksi taslamasynyň baş inženeri habar berdi...

09.03.2026 11:12
4.9k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...

05.03.2026 09:41
1.9k+

Tesla-nyň awtopiloty 13,5 milliard kilometr aralygy geçdi

Tesla kompaniýasynyň gözegçilik astyndaky awtonom sürüş ulgamy (FSD) eýýäm umumylykda 13,5 milliard kilometrden ýoly geçdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň howpsuzlyga bagyşlanan resmi sahypasynda çap edildi. Kompaniýa uly göwrümli real maglumatlaryň awtonom sürüş üçin neýroulgam platformasyny kämilleşdirmäge kömek edýändigini belleýär...