Türkmen biržasy: 30 million dollardan gowrak 37 geleşik baglaşyldy

  • 22.11.2021 00:16
  • 5.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 134 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen tehniki kükürt we suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna el halylaryny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri el halylaryny we ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 82 müň manatdan hem geçdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 315 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen kondisiýasyz polietileni, el halylaryny, PET-gaplaýjy lentalaryny satyn aldylar.


şu gün 11:32
226

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

şu gün 07:40
2.4k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

düýn 07:34
7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:10
7.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......